BILDIRIŞLER

Aşgabät şäheriniň ýaşaýjylarynyň dykgatyna

Raýatlaryň ýüz tutmalaryny düýpli öwrenmek boýunça Köpetdag etrap häkimligi, Köpetdag etrap hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli edara-kärhanalarynyň wekillerinden döredilen raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça Köpetdag etrap toparynyň 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 3, 10, 17 we 24 senelerinde Köpetdag etrap häkimliginiň edara binasynda kabul edilýär.

01.02.2024

Bitarap Türkmenistan şaýolunda täze eskalatorlary gurnamak boýunça bäsleşik yglan edildi

Aşgabat şäher häkimligi paýtagtyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky köne eskalatorlary aýryp, täzelerini gurnamak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu ýerde jemi 28 sany eskalator täzelener. Bäsleşik 2022-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 92-56-24

11.10.2022

Aşgabat şäher häkimliginde raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak üçin kabul edişlik geçiriler

Aşgabat şäher häkimliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli edaralaryň wekillerinden döredilen raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça Aşgabat şäher we etrap komitetleri raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak üçin oktýabr aýynda kabul edişlik geçirer. Kabul edişlik paýtagtyň we etrap häkimlikleriniň edara binalarynda aşakdaky tertibe laýyklykda geçiriler: Aşgabat şäher häkimligi: 15-nji we 29-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli. Berkararlyk etrap häkimligi: 8-nji, 22-nji we 29-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli. Köpetdag etrap häkimligi8-nji, 22-nji we 29-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli. Bagtyýarlyk etrap häkimligi: 8-nji, 22-nji we 29-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli.

08.10.2022

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagy esasynda Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022¬nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

05.10.2022

Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler

Aşgabat şäherinde 8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 39-19-20; 39-19-21.

05.10.2022

Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlandy

Şu gün Türkmenistanda irden sagat 7:00-den başlap, möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlanyp, ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary saýlawçylary kabul edip başlady. Türkmenistanda jemi 2577 saýlaw uçastogy döredildi. Raýatlaryň howpsuzlygy üçin saýlaw uçastoklarynyň ählisinde arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri berjaý edildi, 300-den gowrak ýer «akylly» zyýansyzlandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Şu gün geçirilýän Prezident saýlawlarynda 18 ýaşyny dolduryp, saýlaw uçastoklarynda ilkinji gezek ses berýän ýaş saýlawçylaryň ýurt boýunça jemi 98 940-dan gowragy hasaba alyndy. Prezident saýlawlaryna milli synçylar bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurt döwletlerinden gelen wekiller, şeýle-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ençemesiniň wekilleri syn edýärler. Türkmenistanyň dünýäniň 30 döwletinde ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi. Şol sanda, Aşgabat şäherinde 310, Ahal welaýatynyň etraplarynda we Tejen şäheriniň çäklerinde jemi 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde 523, Lebap welaýaty boýunça 559, Mary welaýatynda 549 sany saýlaw uçastogy döredilip, olaryň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramagyň tertibine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halk köpçüligine ýetirildi. Saýlaw uçastoklarynda meşhur aýdymçylaryň, bagşy-sazandalaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary gurnalýar. Ses bermek 19:00-a çenli dowam eder. Şu ýylyň 19-njy martynda «Oguz han» köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler. Şol çäreden soň Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler.

12.03.2022

KÖP OKALANLAR

Aşgabät şäheriniň ýaşaýjylarynyň dykgatyna

01.02.2024

Bitarap Türkmenistan şaýolunda täze eskalatorlary gurnamak boýunça bäsleşik yglan edildi

11.10.2022

Aşgabat şäher häkimliginde raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak üçin kabul edişlik geçiriler

08.10.2022

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

05.10.2022

Aşgabatda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişligi geçiriler

05.10.2022

Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlandy

12.03.2022