Biz barada



Köpetdag etraby - Proletar raýony ady bilen 1975-nji ýylyň dekabr  aýynda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne № 1491 belgili çykaran karary esasynda Proletar raýony adyndan “Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby” diýip atlandyryldy.

Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen Köpetdag etrabynyň keşbi, toplumlaýyn ösüşleriň we özgerişikleriň nusgalyk görnüşleri bilen jemgyýetiň ünsini özüne çekýär.   

Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji gününden başlap, “Meniň ähli aladam halkym bolar”, “Döwlet - adam üçindir” diýen baş ýörelgäni öňe sürüp, ilatymyzyň isleg arzuwlaryna laýyklykda, halkymyzyň hal ýagdaýyny gowulandyryp, döwletiň ykdysadyýetini durnukly ýagdaýda ösdürip geldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda, Türkmenistan syýasy taýdan durnukly, parahatçylyk we ylalaşdyryjylyk merkezine öwrüldi, Ykdysady taýdan ösen, işjeň senagatlaşýan, sagdynlygyň hem ruhybelentligiň mekanyna öwrüldi, Milliligiň sarpalanýan ýurdy höküminde dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy.

Taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüñ içinde, Turkmenistanda iri maýa goýumlarynyñ ýüzlerçesi üstünlikli amala aşyryldy, bu gazanan üstünliklerimiziň biri hem, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat – Garaşsyzlyk ýyllary içinde juwan şähere öwrüldi.

Paýtagtymyztyň täsin aýratynlyklary bilen tapawutlanýan desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň täzelenýän binägärlik toplumy tebigatyň täsin keşbi bilen ajaýyp sazlaşygyny döredip, desgalaryň köp sanlysy Köpetdag etrabynda peýda boldy. Bu üstünliklerimiziň biri hem 2008-nji ýylda Baýdagmyzyň  “Dünýäde iň beýik flaştogy” diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi bilen şahadatnama almagy muňa şaýatlyk edýär. 133 metr belentlikde pasyrdaýan Tugumyzyň ini 52,5 metr, boýy 35 metr, agramy 420 kilogram. Döwletimiz özüniň konstitusion gurluşyny esaslandyrmak bilen 1992-nji ýylyň maý aýynda esasy kanunyny Kostitusiýany kabul etdi. Bu şanly wakanyň 20 ýyllyk baýramçylyk dabarasyna bagyş edip Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza 2012-nji ýylda Aşgabadyň günortasynda ýerleşen Arçabil şaýolunyň ugrunda Orta Aziýada ägirt uly binalaryň biri hasaplanýan beýikligi 185 metr bolan Konstitusiýa binamyzy gurup berdi.

Daşy Oguz hanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalan türkmen zergärçilik sungatynyň gadymy nusgalarynyň biri bolan gülýakanyň görnüşi uzaklardan ünsini özüne çekýän beýikligi 95 metre ýetýän Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi dünýäde iň uly aýlanýan, synlaýyş aýlawy höküminde hasaba alynyp, 2012-nji ýylyň 18-nji maýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, Köpetdag etrabynyň göwün açýan künjekleriniň biridir.  Mundan başgada, etrabyň çäginde ýerleşen A.Nyýazow şaýolunyň 158-nji salgysyndaky haly muzeýinde ornaşdyrylan “Altyn asyr” diýlip atlandyrylan, 2001-nji ýylda “Dünýäniň iň uly elde dokalan halysy” hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň tutýan meýdany 301 inedördül metr, agramy 1400 kilogramdyr. Haly 40 sany gelin-gyzlarymyzyň gatnaşmagynda 8 aýda dokalan. Şeýle hem, dünýade iň uly üsti ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howuz höküminde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, etrabyň çäginde ýerleşýän Olimpiýa şäherjigi 2017-nji ýylda gurlup ulanmaga berildi. Toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 976,65 metre barabar bolup, geçirilýän ýaryşlara birwagtda 5 000 adam tomaşa edip biler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren stadionyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň beýikligi 40.05 metr, uzynlygy 37,69 metr, ini 40,24 metr bolup durýar.

Aşgabadyň halkara ykrarnamasyna eýe bolan Arçabil (etrap boýunça uzynlygy 14.3km), Çandybil (etrap boýunça uzynlygy 9.6km), Bitarap Türkmenistan (etrap boýunça uzynlygy 8.32km), Garaşsyzlyk (jemi uzynlygy 5.68km), Köpetdag (etrap boýunça uzynlygy 14.3km), 10 ýyl abadançylyk (etrap boýunça uzynlygy 6.39km) we başga-da birnäçe şaýollary ýol gurluşyk ylmynyň täze gazananlarynyň esasynda gurlandyr we olar gurlanda innawasion materiallar hem-de tehnologiýalar giňden ulanylandyr. Şaýollaryň ugrunda ýerleşen duralgalaryň tehnologik enjamlary, ýanýodalaryň we ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşy, yşyklandyryş ulgamlary dünýäde ýokary hilliligi, köpugurly şertleri, ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.     

 Türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň hormatyna atlandyrylan şaýollaryny we seýilgählerini, köçelerini we geçelgelerini birleşdirip, Aşgabadyň taryhy merkezinde orun alan  Köpetdag etrabynyň demirgazyk böleginde “Ylham” seýilgähi bar. Açyk asmanyň astynda ýerleşýän özboluşly taryhy-çeperçilik muzeýde kyrkdan gowrak heýkel jemlenendir. IX asyryň meşhur türkmen akyldary we şahyry Abu Bekir As-Sulynyň küşt tagtasynyň ýanynda duran şekilinde heýkel oturdylyp, uzak we ýakyn taryha aralaşmaga mümkinçilik berýän XI-XIX asyryň ajaýyp şahyrlary Hoja Ahmet Ýasawy, Ýunus Emre, Azady, Zelili, Seýdi, Kemine, Nesimi, Fizuly, Nowaýy, Omar Haýýam, Andalyp, Mollanepes we Mätäji dagylara bagyşlanan heýkeller, XX asyryň şahyrlary, ýazyjylary we dramaturglaryna bagyşlanan Nurmyrat Saryhanow, Beki Seýtäkow, Berdi Kerbabaýew, Aman Kekilow, Ata Gowşudow, Kerim Gurbannepesow, Nury Baýramow we Gurbannazar Ezizow dagylaryň heýkelleri ýerleşdirilen. Şeýle hem etrabyň çäginde 27 sany gözel keşbe giren seýilbaglar we seýilgähler Köpetdagyň bezegi, özboluşly ýüzi bolmak bilen çäklenmän, eýsem,  okgunly ösýän uly şäherde kadaly ekologiýa sazlaşygyny gazanmaga hem ýardam edýär.