Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly şanly wakalar bilen tapawutlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda möhüm syýasy wakalar giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýy bilen utgaşmagy baýramçylygy has-da belent derejelere göterdi. Paýtagtymyz Aşgabat barha ösýär, özgerýär. «Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Paýtagt Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi bolup durýar» diýlip bellenilýär. Aşgabat şäheri diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitde we halkara guramalaryň derejesinde syýasy merkezleriň birine öwrülýär. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşmegini anyk mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda dünýäde şähergurluşyk-binagärlik çözgütleri täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. «Ýaşamak üçin amatly şäherler» indeksinde şäherleriň döwrebap binagärlik çözgütleri, ekologik abadançylygy, ulag-ýol düzümi, durmuş, jemagat hyzmatlarynyň ýokary derejesi bilen ölçelýär. Gurluşyk we binagärlik aýratynlygy boýunça birnäçe tapawutly nyşanlara eýe bolup durýan Aşgabat şäheriniň mundan beýläk hem binagärlik keşbini özgertmek ugrunda milli Liderimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzyň çar künjeginde gurluşyk işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň şanly toýunda hormatly Prezidentimiz «Aşgabat-siti» mega-taslamanyň gurluşygyna badalga berdi. «Şäher içindäki şäher» diýlip atlandyrylýan mega-taslamasy 744 gektar meýdana eýe bolmak bilen, 240-dan gowrak binalary we desgalary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda «Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň sanawyna girmäge hukuk gazandy» diýlip bellenilip geçilýär. «Aşgabat-siti» taslamasynyň birnäçe häsiýetli aýratynlyklary bardyr. Mysal üçin, tarp ýerden täze şäher gurmak başlangyjy dünýä tejribesinde giňden ulanylmak bilen dekonstruksiýa we demontaž işleriniň aradan aýrylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa serişdeleriň tygşytlanmagyna we taslamalaryň has gysga wagtda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda bu ýerde gurluşykdan başlap, taýýar binalaryň ulanylmagy döwründe innowasion çözgütler öz beýanyny tapar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde şäheriň gurluşygyna hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşjakdyklary hem bellärliklidir. Ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň soňky ýyllarda agramly böleginiň durmuş maksatly harajatlara gönükdirilýändigi hemmelere mälimdir. Täze şäher gurluşygynyň baş meýilnamasyna görä, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna, ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy, çagalar baglary, mekdepler, saglyk öýleri, sport merkezleri, dynç alyş seýilgähleri, awtoulag duralgalary we durmuş maksatly ähli hyzmatlaryň üpjün edilmegine şert döretjek desgalar gurlar. Garagum sährasynyň häsiýetli aýratynlyklaryna görä, bu ýerde ekologik abadançylygy berkarar etmäge giň mümkinçilikler bar. Garagum derýasynyň bereketli suwundan netijeli peýdalanmak arkaly toprak-howa şertlerine laýyklykda, bag nahallarynyň ekilmegi hormatly Prezidentimiziň suw-ekologiýa diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň birini kesgitleýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna bagyşlanyp üstümizdäki ýylda 30 million düýp nahalyň ekiljekdigi aýratyn bellärlikli ýagdaýdyr. Gün şöhlesiniň dik düşmegi, toprak-howa şertleri gök-bakja önümleriniň datly tagamyny dünýä derejesinde meşhurlyga çykarmaga ukyplydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Garagum derýasynyň iki kenaryna tut nahallarynyň oturdylmagy ýaly asylly däbe eýermek bilen, Aşgabat şäheriniň tutuş çäginde ýaşyl zolaklary döretmek, goşulan gymmaty ýokary bolan önüm hasaplanýan ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligi has ýokarlanar. Şeýle hem, derýanyň kenarlarynyň toprak berkligi hem üpjün ediler. Iş üpjünçiligi meselesi ähli döwletleriň we hökümetleriň möhüm makro-ykdysady görkezijileri we öňde goýulýan maksatlaryň biri bolup çykyş edýär. Iş orunlaryny döretmekde toplumlaýyn esasda gurluşyklara badalga berilmegi bilen, eýýäm gurluşyk tapgyryndan, soňra durmuş maksatly desgalarda uly göwrümde iş orunlary dörär. Jemi içerki önümde gurluşyk pudagynyň ornunyň ýokarlanmagy, çykdajylaryň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurluşyk işleri diňe bir ugur boýunça däl, ähli ugurlar boýunça ýerine ýetirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Aşgabadyň täze edara ediş merkezine öwrülýän günorta künjeginde döwrebap köprüleriň we estakadalaryň mozaika bilen bezelmegi netijesinde milli we aýratyn binagärlik çözgütleri kemala geler. Günorta tarapda başlanjak täze gurluşyk taslamalary ýurdumyzyň baý milli medeni mirasyny geljek nesillere häzirki binagärlik çözgütleri bilen ýetirmäge degişli şertleri üpjün eder. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy aýratyn buýsançly wakadyr. Beýik şahyryň: «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwyny hormatly Prezidentimiz üstünlikli durmuşa geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew: «Dowamat dowam bolsun, nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýip, öz ýürek arzuwyny buýsanç bilen beýan edipdir. Ata arzuwyny amala aşyran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ili abat bolsun, tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!
10-11-nji oktýabrda Aşgabatda Halkara sergi geçiriler
07.10.2022
Türkmen paýtagtynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
03.10.2022
Aşgabat şäherinde tennis boýunça ýaryşlar geçiriler