Geçirlen çäreler

10-11-nji oktýabrda Aşgabatda Halkara sergi geçiriler

10-11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guramagynda «Saglyk, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly Halkara derejeli sergi geçiriler. Bu sergi çäresinde Türkmenistanyň degişli pudaklarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüş-özgertmeler köpçülige tanyş ediler. Halkara sergä dünýäniň 30 ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynyň sergi zalynda guralar. Serginiň geçirilýän wagtlary: — 10-njy oktýabrda — sagat 14:00-dan 18:00-a çenli; — 11-nji oktýabrda — sagat 10:00-dan 15:00-a çenli. — Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81(82), (84), (85), (86).