Geçirlen çäreler

Aşgabatda baýramçylygyň öňüsyrasyndaky konsert çykyşlary guralar

23-24-nji hem-de 25-nji sentýabrda paýtagtyň «Watan» kinokonsert merkezinde türkmen estrada aýdym-saz sungatynyň aýdymçylarynyň çykyş etmeginde baýramçylyk konserti geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär. Bu günlerde Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary Begenç Çaryýewiň, Gözel Orazmyradowanyň, Aman Sähedowyň, Dessan Bäşimowanyň we beýleki aýdymçylaryň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edip bilerler.