Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň tennis federasiýasynyň bilelikde guramagynda 8 — 13-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Türkmenistanyň tennis birinjiligi, tälimçileriň gatnaşmagynda okuw maslahaty, şeýle-de Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) wekili Amir Borgeiniň gatnaşmagynda ilkinji höwesjeňleriň tennis ýaryşy geçiriler. Belläp geçsek, Amir Borgei Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda «Saglyk, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara maslahatda çykyş eder.
Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» («CIET-2024») halkara maslahaty we sergisi geçiriler
02.11.2024
Türkmen paýtagtynda boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler
03.10.2022
10-11-nji oktýabrda Aşgabatda Halkara sergi geçiriler
07.10.2022