Geçirlen çäreler

"Ak şäherim Aşgabat" atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirilýär.

Hormatly adamlar! Aşgabat şäheriniň günine bagyşlanyp her ýyl uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýän baýramçylyk dabaralaryň çäklerinde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24 - 25-nji maýynda hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirilýär. Bu köpugurly halkara sergä gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň degişli bölümlerine ýüz tutup bilerler.