Geçirlen çäreler

Aşgabatda 2017-nji ýylda doglan çagalar futbol boýunça gözden geçiriler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Geljekki olimpiýaçylary taýýarlaýyş futbol mekdebi 2017-nji ýylda doglan çagalary 1-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek gözden geçirilişe çagyrýar. Gözden geçiriliş şol gün sagat 08:00-dan 11:00-a çenli aralykda geçiriler. Ýaş futbolçylaryň ýanynda sport lybasy, dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy we 3-4 sm ölçegdäki suraty bolmalydyr. Çagalaryň ata-eneleri degişli sowallar bilen +993 65 62-79-10 we +993 65 04-92-48 belgili telefonlar arkaly habarlaşyp bilerler. Türkmen metbugatynyň habar berşi ýaly, bu gözden geçiriş diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna degişlidir.