ESASY HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Ýygym möwsüminde pagta ýygyjy kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilýär. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymy möwsüminde pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek, pagta ýygýan kombaýnlaryň, hasyly daşamakda ulanylýan tehnikalaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary we gurallar doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin gögeriş suwy tutulýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda möhüm möwsümiň dowam edýändigini belledi we bugdaý ekişini ýokary hilli, öz wagtynda geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada-da görkezmeleri berdi. Iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy möwsümine girişilip, häzirki wagtda ýygymyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak boýunça çäreler görülýär. Pagta ýygymynda ulanylýan kombaýnlar, beýleki tehnikalar netijeli işledilýär. Hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt suwy tutulýar. Welaýatda güýzlük ekinleriň ekişi, ekiş geçirilen meýdanlarda ideg etmek, ösdürilip ýetişdirilen ekinleriň hasylyny ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şaly oragyna taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça işler guramaçylykly ýola goýuldy. Ýygymda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen möhletde geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalary, ekiji gurallar netijeli işledilýär. Bugdaý ekişi geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, sebitiň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şaly meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek, kombaýnlary, hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary netijeli işletmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Güýzlük ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlarda pagtaçy daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, tabşyrylýan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde hem-de netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Diýarymyzda ýeralmanyň gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler gallaçy daýhanlarymyzyň durmuşynda jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň gyzgalaňly dowam edýändigini belledi. Gallanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň rysgal-berekedini artdyrmak köp babatda ekiş möwsüminiň agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine baglydygyny tejribe görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşyna gündelik gözegçilik etmegi, bugdaý meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny wagtynda tutmagy, ekişde tehnikalaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz pagtaçy daýhanlaryň durmuşynda hem jogapkärli döwrüň başlanandygyna ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini has-da güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, ýygym möwsüminde kombaýnlaryň, awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, harmanhanalaryň doly güýjünde işledilmelidigini, pagtaçylar üçin zerur bolan iş we durmuş şertleriniň döredilmelidigini tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur bolan guramaçylyk işlerini geçirmek babatda-da tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna gowy taýýarlyk görmegi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.